Oýun sanawy

Gözegçilikden çykan tebigy betbagtçylyk: Waşington ştatynda tokaý ýangynlary 600 binany ýok etdi

04 Awgust. 15:04

Çeşme

Amerikanyň Waşington ştatynyň Spokan okrugyndaky tokaý ýangynlary sebäpli 60 müň töweregi adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy. Ýangyn azyndan 600 binany bütinleý ýok etdi diýip, «Associated Press» habarlar agentligine salgylanýan TASS habar berýär.

Ýangyn ştatyň ikinji uly şäheri bolan Spokanyň daş töweregini gurşap aldy. Dynç günleri oduň eýelän meýdany 21 inedördül kilometre ýetdi. Umuman alganyňda, Waşington ştatynyň çäginde tokaý ýangynlary 1 müň inedördül kilometrden gowrak meýdany gurşap aldy.

Waşington ştatynyň gubernatory Bob Fergsýuson dörän agyr ýagdaýy Ak öýde ýurduň Prezidenti bilen maslahatlaşandygyny habar berip, Federal hökümetden ýangynlara garşy göreşmekde goşmaça kömek sorandygyny aýtdy.

Ştatda alnyp barylýan halas ediş we ýangyny öçürmek işlerine ABŞ-nyň Milli gwardiýasynyň harby gullukçylary çekildi. Spokan etrabynda ýangyny henizem gözegçilige almak başartmaýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌