Oýun sanawy

Zähmetsöýerligiň dünýä reýtingi: iň işeňňir adamlar nirede ýaşaýar?

17 Aprel. 15:50

Çeşme

Dünýä ýurtlarynyň arasynda iň dowamly iş tertibi bolan döwletleriň täze sanawy yglan edildi. Bu reýtingde Butan Patyşalygy iň işeňňir ilatly ýurt hökmünde birinji ýeri eýeledi. Hasabatlara görä, bu ýurtda bir işçiniň hepdelik zähmet sarp edişi ortaça 54,7 sagada deňdir. Hünärmenler Butandaky bu ýokary görkezijini ykdysadyýetde awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň ýetmezçiligi we el zähmetini talap edýän pudaklaryň agdyklyk etmegi bilen düşündirýärler.

Sanawyň öňdebaryjy üçlügine Afrikanyň wekili bolan Lesoto (hepdede 50 sagat) hem-de San-Tome we Prinsipi (49 sagat) ýaly döwletler girdi. Bu ýurtlarda hem zähmet agramynyň ýokarylygy ykdysadyýetiň gurluşy we tehnologik ösüşiň derejesi bilen gönüden-göni baglydyr. Şeýle hem dünýäniň iň dowamly iş hepdesi bolan bäşligine Kongo Respublikasy we Iordaniýa ýerleşdi.

Geografiki taýdan seredilende, iň agyr iş tertibi bolan ýurtlaryň aglabasy Aziýa we Afrika yklymlaryna degişlidir. Bu sebitlerde ykdysadyýetiň esasy sütünlerini oba hojalygy, tokaýçylyk we beýleki tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek pudaklary düzýär. Bu ulgamlarda önümçiligiň esasy bölegi entek tehnologiýalar bilen däl-de, adamyň fiziki güýji arkaly amala aşyrylýar.

Ykdysady ekspertler iş sagatlarynyň azlygynyň hemme wagt ýurtda bolçulygyň bardygyny aňlatmaýandygyny belleýärler. Iş wagty iň gysga bolan ýurtlaryň sanawynda durnukly ykdysadyýetli Norwegiýa bilen bir hatarda, durmuş-ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Ýemeniň hem ýer almagy, bu görkezijiniň diňe bir bähbit däl, eýsem käwagt işsizlik ýa-da ykdysady bökdençlikler bilen hem bagly bolup biljekdigini görkezýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌