Oýun sanawy


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tehas ştatynda täsin we seýrek duş gelýän waka ýüze çykdy. «People» neşiriniň habar bermegine görä, bir erkek kişi öz awtoulagy bilen takmynan 61 metr belentlikden aşak uçsa-da, diri galmagy başardy. Bu waka Palo-Duro kanýonynyň çäginde bolup geçdi we halas edijiler üçin hem garaşylmadyk täsinlik boldy.
Waka gije sagatlarynda, sürüji awtoulag duralgasyndan çykyp, ýoly tötänden ýalňyşmagy netijesinde ýüze çykypdyr. Garaňkylykda ugruny tapyp bilmedik sürüji uly tizlik bilen uçutdan aşaklygyna gaýdypdyr. Onuň awtoulagy jülge tarap takmynan 60 metr uçup, aşakda gaty zarba bilen ýere uruldy. Şeýle güýçli urgydan soň adamyň diri galmagy lukmançylyk taýdan seýrek hadysa hasaplanýar.
Ertesi gün irden sürüji özüni dürsemegi we şikeslerine garamazdan, ulagyň içinden özbaşdak çykmagy başarypdyr. Ol jülgeden çykyp, kömek gözlemek üçin ýola düşüpdir. Köp wagt geçmänkä, ol ýoldan geçip barýan adamlara sataşypdyr. Ony görenler sürüjiniň ýüz-gözüniň gan bolup, gözleriniň aşagynyň gögerendigini we agyr ýagdaýdadygyny görüp, derrew lukmançylyk kömegini çagyrypdyrlar.
Hassahanada geçirilen barlaglar netijesinde, şeýle beýiklikden uçandygyna garamazdan, sürüjiniň diňe gapyrgalarynyň döwlendigi we beýnisiniň sarsandygy anyklanyldy. Onuň ömri üçin howp ýokdugy mälim edildi. Halas edijiler ýörite tehnikalaryň kömegi bilen doly weýran bolan awtoulagy jülgeden çykardylar. Bu waka Tehasda uly gyzyklanma döretdi we sürüjiniň täsinlik bilen gutulmagy «geň galmaly waka» hökmünde häsiýetlendirildi.
Şeýle hem okanyň


Aýlag ýurtlarynyň alty çäginde ýeke-täk syýahatçylyk wizasy girizilýär
09 Sen. 08:44Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine (GCC) girýän alty ýurt — Bahreýn, Kuweýt, Oman, Saud Arabystany, BAE we Katar daşary ýurtly syýahatçylar üçin birmeňzeş «GCC Grand Tourist Visa» ulgamyny çykarmaga taýýarlanýarlar. «Khaleej Times» neşiriniň habar berşi ýaly, täze wiza resminamasy syýahatçylara sebitiň ähli döwletlerine aýratyn wiza almazdan päsgelsiz girmäge mümkinçilik döreder.
Synag tapgyrynyň 2026-njy ýylyň soňky çärýeginde başlamagyna garaşylýan bu elektron wizanyň möhleti 30 günden 90 güne çenli bolup, bahasynyň 100–150 dollar aralygynda boljakdygy bellenilýär. Köpçülikleýin habar serişdelerinde «Arap Şengeni» diýlip hem atlandyrylýan bu taslama Aýlag sebitinde syýahatçylygy ösdürmekde hem-de döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ädim bolar.