Oýun sanawy

Beýik Britaniýada BWPA-2026 halkara fotosurat bäsleşiginiň netijeleri jemlendi

16 Mart. 10:32

Çeşme

British Wildlife Photography Awards baýragynyň guramaçylyk komiteti her ýyl geçirilýän abraýly BWPA-2026 bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlaryny köpçülige mälim etdi. Birleşen Patyşalygyň baý tebigatyna we haýwanat dünýäsine bagyşlanan bu bäsleşik ýurtda iň iri medeni çäreleriň biri hasaplanýar. Şu ýyl bäsleşige hödürlenen işleriň sany rekord derejä ýetip, höwesjeň we hünärmen fotosuratçylardan 12 müňden gowrak täsin surat gelip gowuşdy.

Eminler topary gelip gowşan işleri 11 sany dürli ugur boýunça seljerdiler. Bu ugurlar ýabany haýwanlaryň özüni alyp barşyndan başlap, sebitiň çylşyrymly tokaý ekoulgamlaryna çenli giň gerimi öz içine alýar. Bäsleşigiň esasy maksady diňe bir owadan pursatlary däl, eýsem tebigaty gorap saklamagyň ähmiýetini hem-de daşky gurşawyň näzikligini jemgyýete ýetirmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň baş baýragyna Pol Hobson tarapyndan düşürilen täsin surat mynasyp görüldi. Onuň bu işi diňe bir ýaryşyň umumy ýeňijisi bolmak bilen çäklenmän, eýsem "Ak-gara surat" diýen ýörite ugurda hem birinji orny eýeledi. Fotosuratçynyň saýlap alan monohrom (ak-gara) stili suratyň çeperçilik täsirini has-da güýçlendirip, tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Ýeňiji bolan surat Şeffild şäherindäki kölleriň biriniň düýbünden, ýagny suwuň aşagyndan düşürildi. Suratyň esasy gahrymany suwuň ýüzünde ýüzüp barýan gurbaga bolup, adaty bolmadyk rakursyň saýlanyp alynmagy netijesinde haýran galdyryjy wizual keşp emele gelipdir. Bu pursat tanyş bolan jandary düýbünden başgaça, täzeçe nukdaýnazardan görmäge mümkinçilik berýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌