Oýun sanawy


Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdary 2,2 milliard dollara deň boldy
11 Few. 06:30Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistanda geçirilýän türk eksport önümleriniň 12-nji sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ol çykyşynda 2025-nji ýylda iki döwletiň arasyndaky söwda mukdarynyň 2,2 milliard amerikan dollaryna ýetendigini aýtdy we geljekki esasy maksadyň bu görkezijini 5 milliard dollara çykarmakdygyny belledi.
Dabara türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gatnaşdy.
Ministr çykyşynda iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň barha giňelýändigini, gatnaşyklarynyň has işjeň we dürli ugurlary öz içine alýandygyny nygtady. Dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklara garamazdan, gazanylan netijäniň oňyn häsiýete eýedigini aýtdy.
Şeýle hem Ömer Bolat Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan maksadynyň özara söwdany mümkin boldugyça tiz wagtda 5 milliard dollarlyk derejä ýetirmekdigini we degişli çäreleriň dowam etdirilýändigini belledi.
Onuň sözlerine görä, sergide türk tarapyndan 87 sany diwarlyk bilen eksportçy kompaniýalar we pudaklaýyn birleşikler gatnaşýar. Olar umumylykda 1396 inedördül metr meýdany eýeleýär. Şeýle giň gerimli gatnaşma ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna itergi berer diýlip garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň