Oýun sanawy


Hoşboý ysly pursatlar: “NesilCoffee” “Ak şäherim Aşgabat” sergisiniň myhmanlaryny nädip haýran galdyrdy?
24 Maý. 09:05Paýtagtymyzda “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi uly üstünlik bilen dowam edýär. Ýurdumyzyň gazanan sebitlerini we ykdysady ösüşini jemleýän bu çäräniň hut merkezinde ýerli brendimiz bolan “NesilCoffee” kompaniýasynyň diwarlygy (stendi) sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi.
Merkezi Aziýanyň kofe önümçiliginiň senagat merkezi hasaplanýan bu kärhana sergide özüniň ýokary hilli önümleriniň ähli görnüşlerini tanyşdyrdy. “NesilCoffee” öz diwarlygynda ähli myhmanlara täze taýýarlanan kofelerini hödürläp, olaryň tagamyna we dürli görnüşlerine baha bermäge mümkinçilik döretdi.
Dünýä tejribesi we türkmen önümçiligi
“NesilCoffee” dünýäniň 15-den gowrak ýurdundan saýlanyp alnan iň oňat kofe dänelerini ulanýar. Türkmenistanda bu çig mal italýan tehnologiýasy arkaly gowrulyp, taýýar önüm derejesine getirilýär. Ýyllyk kuwwaty 4 000 tonna ýetýän kärhana halkara ülňülerine laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa önümleri hödürleýär.
Sergide görkezilen önümler:
1 Premium 3-in-1 seriýasy (400 gr):
Cappuccino — süýji kondensirlenen süýt ysly;
Vanilla Latte — süýtli wanil tagamly;
Caramel Latte — ýumşak karamelli;
Coffee Latte — klassiki süýtli latte;
Hazelnut Latte — hoz ysly aýratyn tagam.
2 INTENSO kofe däneleri (1000 gr):
65% arabika we 35% robusta sazlaşygyndan ybarat bolan güýçli we hoz öwüşginli tagam.
“NesilCoffee” “Ak şäherim Aşgabat” sergisinde özüniň ýokary derejesini ýene bir gezek subut etdi.
Salgy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Magtymguly obasy.
Habarlaşmak üçin: info@nesilcoffee.com
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.