Oýun sanawy


Paýtagtymyzda türki dünýäsiniň opera ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçiriler
27 Aprel. 04:59Maý aýynyň başynda Aşgabat şäheri halkara derejesindäki medeni wakanyň merkezine öwrüler. Türkmenistanyň paýtagtynda görnükli kompozitor, milli saz sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri Weli Muhadowyň dogulmagynyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly gala-konsert guralar. Bu çäre halkara TÜRKSOÝ guramasynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylyp, türki dilli halklaryň arasyndaky ruhy we medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Iki günüň dowamynda geçiriljek bu medeni dabarada diňe bir türkmen sungat ussatlary däl, eýsem doganlyk ýurtlaryň meşhur opera aýdymçylary hem öz ussatlyklaryny görkezerler. Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden geljek zehinli artistler Mukamlar köşgüniň sahnasynda ajaýyp owazlaryny belende götererler. Myhmanlaryň çykyşlary Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlygynda ýerine ýetirilip, tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary sowgat eder.
Bu gala-konsert Türkmenistanda geçirilýän TÜRKSOÝ-yň opera günleriniň möhüm bölegi bolup durýar. Meşhur kompozitoryň döredijilik mirasyna goýulýan hormat hökmünde guralýan bu çäre, türki dilli döwletleriň opera sungatynyň häzirki zaman ösüşini we gazanan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmäge ýardam eder. Konsertiň meýilnamasyna Weli Muhadowyň nusgawy eserleri bilen bir hatarda, dünýä we türki halklaryň operalaryndan bölekler hem girizildi.
Medeni çäräniň guralmagy Aşgabadyň sebitde iri medeni merkez hökmündäki abraýyny has-da belende göterýär. Şeýle halkara duşuşyklar professional sazandalaryň we aýdymçylaryň arasynda tejribe alyşmaga, täze döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. 2-nji we 3-nji maýda sagat 18:00-da Mukamlar köşgünde geçiriljek bu dabaralar ähli saz söýüjiler üçin hakyky baýramçylyga öwrüler.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.