Oýun sanawy


Türkmenistanyň we Hytaýyň haýyr-sahawat gaznalary hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Sung Çinlin adyndaky Hytaý gaznasynyň başlygy hanym Li Bin bilen duşuşdy.
Duşuşykda türkmen we hytaý halklarynyň köp asyrlyk dostlukly gatnaşyklarynyň bardygy bellenildi. Iki gaznanyň hyzmatdaşlygynyň halkara ynsanperwer gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyryp biljekdigi nygtaldy.
Oguljahan Atabaýewa tejribe alyşmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen tarapynyň jemgyýetçilik ugurly taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň netijesinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr sahawat gaznasy bilen Sung Çinlin adyndaky Hytaý gaznasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi.
Sung Çinlin gaznasy — 1982-nji ýylda döredilen we Hytaýyň hormatly başlygy Sun Ýatseniň ýanýoldaşynyň ady bilen atlandyrylan meşhur hususy haýyr-sahawat guramasy bolup durýar.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistanyň wekiliýeti Manasda GDA-nyň Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşine gatnaşdy
Oktýabr aýynyň 30-da Gyrgyz Respublikasynyň Manas şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşiniň mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Mejlise Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň serhet gulluklarynyň wekilleri, şeýle hem GDA ýerine ýetiriji komitetiniň, Geňeşiň utgaşdyryjy gullugynyň, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHSG), ŞHG-nyň we Serhet gullugynyň weteranlarynyň halkara birleşiginiň wekilleri gatnaşdy diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Geňeşde GDA agza ýurtlarynyň daşky serhetlerindäki ýagdaýlar seljerildi hem-de olaryň howpsuzlygyny berkitmek boýunça goşmaça çäreler kesgitlenildi.
Şeýle hem GDA-nyň Terrorçylyga garşy merkezi, Jenaýatçylyk bilen göreşi utgaşdyryjy býuro we ŞHG-nyň sebit terrorçylyga garşy gurluşy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geňeş 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işleri seljerip, indiki döwür üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitledi. Jemi 22 çözgüt kabul edilip, olar serhet howpsuzlygyny berkitmäge hem-de GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi.
Mundan başga-da, serhetleri goramakda aýratyn göreldelik görkezen harby gullukçylara Geňeşiň karary bilen sylaglar gowşuryldy.