Oýun sanawy
15-nji sentýabrda Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed Aly Marzuk (rezidensiýasy – Ankara) öz diplomatik işine başlady. Ol Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dunyagozel Gulmanowa we Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen duşuşdy.
Mejlisde geçirilen duşuşykda Dunyagozel Gulmanowa döwlet Baştutanynyň adyndan täze ilçini wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde üstünlikler arzuw etdi. Ilçi ýurduň içeri we daşary syýasatynyň ugurlary, şeýle hem parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.
Taraplar syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Daşary işler ministrligindäki duşuşykda ilçi BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji Konferensiýasynyň «Awaza» syýahatçylyk zolagynda geçirilmegini ýokary baha berdi. Ol Türkmenistanyň sebitde parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde tutýan ornuna hormat goýýandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady
09 Sen. 06:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.
Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.
Şeýle hem okanyň