Oýun sanawy

Si Szinpin: Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini”gurmak möhümdir

27 Sen. 06:12

Çeşme

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Ol öz ýüzlenmesinde Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagy we “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmagy teklip etdi.

Si Szinpin, syýasy ynamy berkitmek, özara goldaw bermek, ösüş strategiýalaryny utgaşdyrmak hem-de "Bir guşak – bir ýol" başlangyjyny öňe sürmek arkaly uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esaslaryny döretmegiň möhümdigini nygtady.

Hytaý Lideri, Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň täzeden ösüş ýoluna düşendigini belläp, döwletiň ösüş strategiýasyny we amala aşyrylýan özgertmeleri ýokary bahalady. Şeýle hem, şu ýylyň dowamynda geçirilen döwlet ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň netijesinde möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdy.

Gutlagda Hytaýyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardygy nygtalýar. Si Szinpin Türkmenistanyň ösüşine tüýs ýürekden begenýändigini aýdyp, ýurduň halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.