Oýun sanawy

Maryda gümrük kadalaşdyryş meseleleri boýunça okuw maslahaty guralýar

03 Iýun. 10:01

Çeşme

Şu ýylyň 9-njy iýunynda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen iş maslahaty geçiriler. Çäräniň esasy maksady ýurdumyzyň daşary ykdysady işine işjeň gatnaşýan hususy telekeçilere, eksport edijilere we logistik düzümleriň hünärmenlerine gümrük kanunçylygy boýunça hukuk goldawyny bermekden ybaratdyr.

Duşuşygyň dowamynda halkara haryt dolanşygynyň hukuk esaslaryna we gümrük amallarynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berler. Gatnaşyjylara Türkmenistana harytlary getirmegiň we ýurdumyzdan eksport etmegiň tertibi, şeýle hem halkara ýük daşamalara bildirilýän häzirki zaman talaplary barada giňişleýin maglumatlar berler.

Maslahatyň möhüm ugurlarynyň biri gümrük işine sanly ulgamlaryň we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolar. Hünärmenler täze girizilen sanly düzgünleriň artykmaçlyklaryny düşündirerler we resmileşdiriş işlerini çaltlandyrmak boýunça anyk maslahatlary paýlaşarlar. Şeýle-de, amaly işde ýüze çykýan kynçylyklary aradan aýyrmak boýunça gönüden-göni maslahatlaşmalar geçiriler.

Çäre sagat 10:00-da Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň binasynda (Bitaraplyk köçesi, 18-nji jaý) başlanýar. Goşmaça maglumat almak we gyzyklandyrýan soraglara jogap tapmak üçin raýatlar 39-41-39 telefon belgisi arkaly «Sorag-jogap» hyzmaty bilen habarlaşyp bilerler.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.