Oýun sanawy


2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň dürli künjegindäki ulanyjylar Google, Yahoo we Bing ýaly adaty gözleg ulgamlarynyň ýerine emeli aňly hyzmatlara köpräk ýüz tutup başladylar. Şeýle platformalar birnäçe baglanyşygy açmazdan, gönüden-göni jogap berýändigi üçin has amatly hasaplanýar.
Netijede, adaty gözleg ulgamlarynyň, aýratyn-da ylym, bilim we saglyk bilen bagly soraglarda, hereketi takmynan 25% pese düşdi.
Habarlar saýtlaryna bolan gyzyklanma hem azaldy — 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ulanyş mukdary 2,3 milliarddan 1,7 millarda çenli peseldi. Mundan başga-da, ähli gözlegleriň 69%-i ulanyjynyň hiç bir sahypa geçmezden tamamlanýandygyny görkezýär (geçen ýyl bu görkeziji 56% bolupdy). Bu ýagdaý “basylmasyz gözleg” diýip atlandyrylýar.
Şol bir wagtda, ChatGPT hyzmatyna bolan gyzyklanma 212% ýokarlandy, ýyl dowamynda 47 milliard gezek ulanyldy.
Barlagçylaryň bellemegine görä, dokuz ýylyň dowamynda ilkinji gezek Google-yň bazardaky paýy az-kem pese düşdi we häzirki wagtda 89,7% bolup durýar.
«Ýandeks» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň oktýabrynda AI jogaplarynyň goşulmagyndan soň, hyzmatyň gündelik ulanyjy sany 13 milliondan geçdi, jemi bolsa 80 milliondan gowrak adam olaryň jogaplary bilen işledi. “Alisa” arkaly çeşme sahypalaryna geçilýän paý üýtgemedi.
Umuman, iň meşhur on çat-botyň hereketi 80% ýokarlandy we takmynan 55 milliard sapara ýetdi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň