Oýun sanawy


Milli Lider Arkadag şäheriniň täze seýilgähindäki kemçiliklere ünsi çekdi
08 Mart. 11:51Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşlygynyň dowamynda täze gurulýan seýilgähde boldy. Halk Maslahatynyň Başlygy seýilgähiň çäklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň hili barada düýpli nägilelik bildirip, bu işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýändigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz aýratyn-da kerwenleriň we bedewleriň şekilleriniň çeperçilik derejesine üns berip, olaryň has kämil bolmalydygyny nygtady. Bu işlere Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň çekilmeginiň, ýaşlaryň täzeçil pikirleriniň ulanylmagynyň ähmiýetini belledi. Şeýle-de seýilgähiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin hemişe gök öwüsýän baglaryň sanyny artdyrmak barada anyk görkezmeler berildi. Degişli ýolbaşçylara gurluşyk we bezeg işlerine has jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşmek tabşyryldy.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň