Oýun sanawy


Aşgabatda iň ökde bagbanlar saýlandy: Bäsleşik gülleriň gözelligine bagyşlandy
20 Sen. 06:59Aşgabatda «Güller — parahat durmuşymyzyň bezegi» atly bäsleşik geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, şäheriň bagbançylyk we abadanlaşdyryş gulluklarynyň dört toparynyň arasynda geçirildi.
Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy:
Gül bilen döredilen sazlaşykly kompozisiýalaryň görkezilmegi.
Awtorçylyk buketleri we gülli sebetleriň taýýarlanylmagy.
Güller we baglar hakynda edebi-çeper çykyşlar.
Maýsa Ataýewa, Berkararlyk etrabynyň bagbançylyk bölüminiň sekretary, bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
«Bu bäsleşige gatnaşmak meniň üçin uly buýsanç. Güller — meniň üçin parahatçylygyň we sazlaşygyň nyşany. Biz paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegi üçin elimizden gelenini edýäris, esasan hem Parahatçylyk we ynam ýylynda», — diýip belledi Maýsa.
Ýeňijilere hormtly Prezidentimiziň adyndan türkmen halylary sowgat berildi. Çykyşlar bäş bal ulgam boýunça bahalandyryldy.
Şeýle hem okanyň


Wenesiýa halkara kinofestiwalynda režissýor Alek Gibni tarapyndan düşürilen, telekeçi Ilon Maskyň ömri we işi baradaky dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bäsleşikden daşgary görkezilen we takmynan dört sagat dowam edýän bu kinofilmiň golaýda Toronto halkara kinofestiwalynda hem görkezilmegi, 16-njy oktýabrda bolsa dünýä kinoteatrlaryna çykarylmagy meýilleşdirilýär.
Filmi döredijiler tarapyndan köpçülige hödürlenen tizer-wideo rolikde milliarder barada dürli garşylykly pikirler beýan edilýär. Onda käbir hünärmenler Masky häzirki döwrüň beýik oýlap tapyjysy diýip atlandyrsa, beýlekiler ony hereketini öňünden çaklap bolmaýan, rehimsiz we egoist adam hökmünde häsiýetlendirýärler. Tizer kosmos gämisiniň partlamagy we Maskyň «ýadro bombasy» bilen deňeşdirilmegi bilen tamamlanýar.
Tizerde Talking Heads toparynyň öňki solisti Dewid Birniň täze aýdymy ýaňlanýar. Kinoteatrlardaky resmi görkezilişleri tamamlanandan soňra, bu dokumental film HBO we Max striming platformalarynda tomaşaçylara hödürlener.
Şeýle hem okanyň