Oýun sanawy


Arkadag şäherinde Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
18 Sen. 06:52Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada ýaşaýjylar öýleriniň açarlaryny dabaraly ýagdaýda aldylar.
Bu waka onlarça maşgala üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy diýip, TDH habar berýär.
Çykyş edenler şeýle mümkinçilikleriň, Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalarynyň miwesi bolup durýandygyny nygtadylar.
Täze jaýlaryň ulanylmaga berilmegi — halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň