Oýun sanawy

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi

02 Awgust. 05:53

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Oňa sebitiň şäherdir etraplarynda bolan deslapky gözden geçirilişlerde öňe saýlanan estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada gurnalan giň sahna geçirilen bäsleşikde ýaş zehinleriň ýerine ýetiren halk heňleri, estrada aýdymlary sungat muşdaklarynda aýratyn täsir galdyrdy.

Bäsleşikde aýdymlaryň saýlanylyp alnyşyna, ýerine ýetirilişine, aýdymçylaryň sahnada özlerini alyp barşyna, aýdymyň sözlerini dürs aýdyşlaryna aýratyn üns berildi. Sahna medeniýetiniň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň wajyplygyny aňladýan bu talaplary berjaý etmegiň hötdesinden gelen ýaşlar kämilligiň belentliklerine tarap ynamly barýandyklaryny görkezdiler.

Şeýlelikde, bäsleşigiň jemleri boýunça Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Yhlas Atakeýew hem-de Akdepe etrabyndan çeper höwesjeň Röwşen Kakaýew hoş owazlary, ýakymly labzy we ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen öňe saýlandylar. Olar, degişlilikde, birinji we ikinji orunlary eýelediler hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌