Oýun sanawy


Şu gün paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary, sirk we teatr çäreleri, şowhunly konsertler hem-de döredijilik duşuşyklary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Bu ajaýyp baýramyň orta mekdepleriň uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabaralary bilen bir wagtda bellenilmeginde çuňňur many-mazmun bar. Goşa baýramçylygyň utgaşyp gelmegi ýurt parahatçylygynyň, bagtyýar durmuşyň we ýaşlaryň geljegine bolan sarsmaz ynamyň aýdyň dabaralanmasyna öwrüldi.
Milli senenamamyzda aýratyn orun tutýan bu şanly sene 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli bellenilip gelinýär. Şol ýyl parahatçylygyň we dostlugyň merkezi bolan Aşgabat şäheri dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen künjegi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň bütindünýä medeni we gurluşyk giňişligindäki ornuny has-da berkiden, onuň ÝUNESKO-nyň «Dizaýn» ugry boýunça döredijilik şäherleriniň toruna kabul edilmegini aýratyn buýsanç bilen nygtamak gerek.
Baş şäherimiziň baýramy mynasybetli Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara köpugurly sergi öz işini dowam edýär. Döwrebap taslamalary özünde jemleýän bu iri çäre, Türkmenistanyň şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanan ägirt uly üstünliklerini, milli tejribesini hem-de ýokary önümçilik mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge gönükdirilendir. Sergi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hem-de maýadarlaryň ünsüni özüne çekýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryna iberen Gutlagynda «Aziýanyň merjen şäheri» diýen belent ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklaryň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz baş şäherimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň, ajaýyp binagärlik keşbiniň bütin halkymyzyň milli buýsanjydygyny aýdyp, Aşgabadyň dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini geljekde hem barha berkitjekdigini nygtady.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.