Oýun sanawy

Türkmenistan Balkan we Mary welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhana toplumlaryny ulanyşa berdi

20 Dek. 05:35

Çeşme

Türkmenistanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler täze tapgyra çykýar. Balkan we Mary welaýatlarynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen häzirki zaman ýyladyşhana toplumlarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdeleri habar berdi.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň önümçilik düzüminiň çäginde täze ýyladyşhana işe girizildi. Bu desga daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndürýän enjamlary bilen üpjün edilip, ähli önümçilik prosesleri sanly tehnologiýalaryň esasynda alnyp barylýar. Ýyladyş, çyglylyk we suwaryş ulgamlary doly awtomatlaşdyrylyp, Türkmenistanyň howa şertlerine laýyklykda sazlanýar.

Ýyladyşhananyň ekerançylyk meýdany 10 gektara deň bolup, umumy tutýan meýdany 13,6 gektara barabar. Taslama 150-den gowrak täze iş ornuny döretmäge mümkinçilik berdi. Ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 müň tonna bolan bu ýyladyşhanada pomidor ýygnamak işleri geljek ýylyň tomusyna çenli dowam eder.

Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän «Eziz dag» hojalyk jemgyýetine degişli bolan başga bir döwrebap ýyladyşhana hem ulanyşa berildi. Ýyllyk kuwwaty 2 müň tonna bolan bu desga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Ýyladyş, suwaryş we howa dolandyryş ulgamlary kompýuter arkaly doly dolandyrylýar.

Umumy meýdany 12 gektara barabar bolan ýyladyşhanada pomidoryň 9 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Her bir ösümlige aýratyn ideg edilip, degişli agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär. Şeýle taslamalar Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌