Oýun sanawy


Türkmenistanda alymlar ilkinji adamlaryň Awstraliýa nädip we haçan göçüp barandyklaryny anykladylar
02 Ýan. 13:27Halkara alymlar topary häzirki zaman Awstraliýa aborigenleriniň we papuaslaryň ata-babalarynyň takmynan 60 000 ýyl mundan ozal Günorta-Gündogar Aziýadan iki aýratyn göçüş ýoly arkaly gadymy Sahul yklymyna gelendigini anykladylar.
Bu barlag Science Advances žurnalynyň sahypasynda çap edildi we Haddersfild hem Sautgempton uniwersitetleriniň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. Oňa görä, Homo sapiens-iň Okeaniýada irki ornaşyşyň wagty takyk kesgitlenipdir.
Alymlar häzirki zaman Awstraliýa aborigenlerinden, Täze Gwineýalylardan we Günorta-Gündogar Aziýanyň we Ýuwaş ummanynyň günbatar ekwatorial-tropiki ilatyndan alnan 2 500 töweregi mitohondrial genomlary öwrediler. Ene liniýasy boýunça geçýän DNK olara genealogiki baglanyşyklary dikeltmäge we iň gadymy nesilleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
Netijeler Awstraliýa we Täze Gwineýa mahsus genetik nesilleriň takmynan 60 000 ýyl mundan ozal emele gelendigini görkezdi. Birinji nesil demirgazyk ýollardan (Demirgazyk Indoneziýa we Filippinler) geçip, bütin Sahul boýunça ýaýrapdyr; ikinjisi has günorta ýol bilen diňe geljekki Awstraliýa ýerlerine barypdyr. Şol döwürde deňiz derejesi pes bolup, Awstraliýa bilen Täze Gwineýa birleşen gury ýer massiwini emele getiripdir. Şeýle-de bolsa aralykdaky bogazlary geçmek üçin ösen deňizçilik başarnyklary gerek bolupdyr.
«Biziň açyşymyz adamyň gelip çykyşyny we ewolýusiýasyny, deňiz üsti bilen göçüşleriň aýratynlyklaryny we gadymy navigasiýa başarnyklaryny anyklamaga kömek edýär. Bu bolsa sebitdäki ýerli jemgyýetleriň irki syýahatlar bilen baglanyşykly çuňňur mirasyny görkezýär» diýip, deňiz arheology, Sautgempton uniwersitetiniň professory Helen Farr belledi.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem okanyň