Oýun sanawy

Türkmen talyby halkara ylmy bäsleşiginde ýokary netije görkezdi

11 Maý. 14:21

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby Guwançmyrat Arrykow halkara derejesindäki ylmy-barlag bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýurdumyzyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birinde bilim alýan 3-nji ýyl talyby özüniň ylmy işi bilen halkara eminleriniň ünsüni çekmegi başardy. Bäsleşigiň netijelerine görä, ol 1-nji derejeli diplom bilen sylaglandy.

Halkara bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Ufa şäherinde ýerleşýän «Eterna» ylmy-neşirýat merkezi tarapyndan guraldy. Onlaýn formatda geçirilen bu çäre ylmy meseleleri seljermek, modelleşdirmek we olary tejribede ulanmak ýaly möhüm ugurlara bagyşlandy. Ylmy forumyň esasy maksady ýaş alymlaryň we talyplaryň gözleglerini höweslendirmekden ybarat boldy.

Türkmen talyby bäsleşikde halkara hukugynyň düýpli ýörelgeleriniň ýuridiki aýratynlyklaryna bagyşlanan makalasy bilen çykyş etdi. Bu ylmy derňewde häzirki zaman dünýä düzgünleriniň kanunçylyk binýady we olaryň amaly ähmiýeti baradaky meseleler düýpli seljerildi. G. Arrykowyň bu işine uniwersitetiň konstitusiýa hukugy kafedrasynyň müdiri S. Goçumowa ylmy ýolbaşçylyk etdi.

Bu üstünlik ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan halkara hyzmatdaşlygyň we ýaş hünärmenleriň ylmy derejesiniň ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, türkmen talyplary halkara sahnasynda täze hünär belentliklerini eýelemegi dowam etdirýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌