Oýun sanawy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty halkara ylmy forumyna çagyrýar

06 Maý. 11:32

Çeşme

Türkmenistanyň paýtagtynyň gününe bagyşlanyp guralýan dabaralaryň çäklerinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty uly göleli ylmy waka badalga berýär. 21-nji maýda geçiriljek «Ak şäher Aşgabat — binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy innowasiýalaryň mekany» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty binagärlik we gurluşyk ulgamynyň öňdebaryjy hünärmenlerini bir ýere jemlär. Bu çäre ýurdumyzyň ylmy we döredijilik kuwwatyny halkara derejesinde tanyşdyrmaga hyzmat eder.

Halkara foruma gatnaşmak üçin diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurtlaryň hem öňdebaryjy alymlary, aspirantlary, talyplary we ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleri çagyrylýar. Maslahatyň esasy maksady häzirki zaman şähergurluşygynda innowasion çözgütleri ara alyp maslahatlaşmakdan we tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Gatnaşyjylar binagärlik pudagynyň iň täze meýilleri we ylmy açyşlary barada çykyşlaryny hödürläp bilerler.

Ylmy maslahat dört sany möhüm ugur boýunça öz işini alyp barar. Hususan-da, täze gurluşyk materiallary we ösen tehnologiýalar, şäherleri meýilleşdirilmegiň häzirki zaman dizaýn aýratynlyklary, gurluşykda sanly ulgamyň we ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem, ekologiýa durnuklylygy we alternatiw energiýa çeşmelerini gurluşykda ulanmak maslahatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolar.

Bu abraýly çärä gatnaşmak isleýän hünärmenler we talyp ýaşlar öz ylmy işlerini we hasaba alyş resminamalaryny 15-nji maýa çenli tabşyrmalydyrlar. Materiallar tsaci.conferens@gmail.com we ylym.tdbgii@gmail.com elektron salgylary arkaly kabul edilýär. Maslahatyň tertibi we resminamalary resmileşdirmegiň kadalary baradaky doly maglumatlar institutyň resmi internet sahypasynda elýeterlidir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌