Oýun sanawy

BMG-niň täze Baş sekretarynyň ilkinji gezek zenan bolmagy mümkin

24 Sen. 05:54

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine Ilkinji gezek aýalyň saýlanmagy mümkin, diýip Bloomberg agentligi habar berýär. Häzirki güne çenli BMG-niň ähli 9 ýolbaşçysy erkekler bolupdy, emma soňky kabul edilen rezolýusiýalar we gender deňligi boýunça eden çagyrşylar bu meseläni gündeme getirdi.

Sentýabr aýynda BMG agza döwletlerine täze Baş sekretary saýlamakda aýal kandidatlary göz öňüne tutmak boýunça rezolýusiýa kabul edildi. Mümkin bolan kandidatlara Täze Zelandiýadan öňki Premýer-ministr Džasinda Ardern, Barbadosyň Premýer-ministri Mia Mottli, öňki BMG İnsan Hukuklary boýunça Ýokary Komissary Mişel Baçele we häzirki wagtda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina Möhämmäd görkezilýär.

BMG-niň Baş sekretary, Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatyndan soň, Baş Assambleýa tarapyndan saýlanýar. Howpsuzlyk Geňeşi ilkinji saýlawy geçirip, teklip edilen kandidatlary veto etmäge hukugy bar. Häzirki wagtda BMG-niň Baş sekretary wezipesini Antoniu Guterriş 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ýerine ýetirýär.

















Russiýanyň paýtagtynda iň uzak ýaşly ýaşaýjylaryň ýaş görkezijileri aýan edildi

10 Sen. 08:16

Çeşme

Moskwa şäherinde häzirki wagtda iň uly ýaşly zenan ýaşaýjynyň 108 ýaşy, iň uly ýaşly erkek ýaşaýjynyň bolsa 105 ýaşy doldy. Bu barada şäheriň Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak edarasyna salgylanmak bilen «Gazeta.ru» neşiri habar berýär.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, Moskwada ortaça ömür dowamlylygy 2026-njy ýylda 80 ýaşdan gowrak bolar. Ýaşaýjylaryň ömür dowamlylygynyň mundan beýläk-de artmagy öňüni alyş lukmançylygynyň kämilleşmegi, emeli aň tilsimleriniň ornaşdyrylmagy hem-de şäher infrastrukturasynyň ösmegi bilen baglanyşdyrylýar.

Russiýa Federasiýasy boýunça ilatyň iň uzak ýaşaýan sebitleriniň sanawynda Inguşetiýa Respublikasy birinji orny eýeleýär. Şeýle hem ýokary görkezijili sebitleriň hataryna Dagystan, Moskwa şäheri, Kabardin-Balkar we Garaçaý-Çerkez respublikalary girdi.