Oýun sanawy

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli aýlyk haklarynyň durnukly ösüşi dowam etdiriler

17 Sen. 06:33

Çeşme

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli zähmet bazaryny ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda aýlyk haklarynyň durnukly ösmegini üpjün etmek boýunça işler güýçlendiriljekdir. Bu, zähmet öndürijiligi we işçi güýjüniň hiliniň ösüşine gabat gelýän netijeli infrastruktura döretmek üçin niýetlenendir.

TDH-nyň habaryna görä, aýlyk haklarynyň satyn alyş kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin minimal aýlyk möçberiniň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Konsepsiýada Halkara Zähmet Guramasynyň düzgünlerine laýyklykda minimal aýlyk haklaryny kesgitlemek we ýokarlandyrmak arkaly ilatyň ýokary sosial goragy üpjün ediljekdir.

Şeýle hem, işgärleriň zähmetine goşmaça höweslendirmeleri we premýalary, aýlyk haklarynyň hasaplanmagy we ýokarlandyrylmagy boýunça usullar häzirki döwrüň talaplaryna görä täzelener, bu hem işçilere bolan gyzyklanmany we önümçilik netijeliligini artdyrar.

Öň gürrüň berlen ýaly, Türkmenistanda ilatyň iş bilen üpjünçiligine uly ähmiýet berilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌