Oýun sanawy

ÝUNISEF Aşgabatda geçiriljek KIDS EXPO 2026 halkara sergisiniň çäklerinde çagalaryň ösüşi boýunça okuw maslahatlaryny guraýar

05 Awgust. 10:38

Çeşme

2026-njy ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda «KIDS EXPO 2026: Hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu iri çärä BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilligi işjeň gatnaşar. Serginiň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagaty edarasy we «Türkmen Ekspo» kompaniýasy çykyş edýärler. Bu çäre döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, işewürlik we bilim jemgyýetçiliginiň hem-de çagalar ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň başyny birleşdirer.

Serginiň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde halkara guramasy çagalaryň irki ösüşi, saglygy we iýmitlenişi boýunça giňişleýin bilim maksatnamasyny hödürlär. Bu okuw maslahatlary ene-atalar, gelejekki ene-atalar, degişli ulgamyň hünärmenleri we çagalaryň saglygy bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir. ÝUNISEF-iň halkara hünärmenleri we maslahatçylary dünýä tejribesine esaslanan döwrebap maslahatlary hem-de amaly bilimleri paýlaşarlar.

Maksatnama bäş sany esasy temany öz içine alýar: «Ömrüň ilkinji 1000 güni: her bir çaga üçin iň gowy başlangyç», «Ynamly göwüs emdirme», «Sazlaşykly ösüş üçin iýmitlenme: ilkinji goşmaça iýmitlerden soňky iýmitlenme», «Çagalardaky alada döredýän alamatlar: haçan lukmançylyk kömeginden peýdalanmaly» we «Çaganyň beýnisiniň ösüşi we pozitiw ene-atalyk». Gatnaşyjylar irki ösüşiň, dogry iýmitlenmegiň we maşgalada amatly gurşawy döretmegiň esasy ýörelgeleri bilen tanşyp bilerler.

ÝUNISEF-iň bilim maksatnamasy KIDS EXPO 2026 sergisiniň möhüm bölegine öwrülip, milli we halkara hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmaga mümkinçilik döreder. Goşmaça maglumat almak we guramaçylyk meseleleri boýunça habarlaşmak üçin guramaçylyk komiteti contact@turkmenexpo.com elektron poçta salgysyny hem-de +993 71 87 18 12, +993 63 50 15 51 telefon belgilerini hödürleýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌