Oýun sanawy


Türkmenistanly talyplar Ýaponiýada bir ýyllyk okuw tejribesine ugradylar
25 Sen. 11:07Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň üç talyby 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli dowam etjek okuw maksatly tejribe üçin Ýaponiýa ugradylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi resmi sahypasynda habar berdi.
Tejribe sapary Oguz han adyndaky uniwersitet bilen Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň arasynda baglaşylan akademiki hyzmatdaşlyk we alyş-çalşyk boýunça Ähtnama esasynda amala aşyrylýar.
Okuw maksatnamasy inženerçilik, kompýuter ylymlary, ynsanperwer ugurlar we täze tehnologiýalar ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Talyp gatnaşyjylar bilim we hünär başarnyklaryny ösdürmek, halkara akademiki gurşawda tejribe gazanmak hem-de geljekde öz ugurlarynda ýokary derejeli hünärmenler hökmünde taýýarlanmak mümkinçiliklerine eýe bolarlar.
Bu akademiki hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň we medeni aragatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem okanyň