Oýun sanawy

Aşgabatda “Türkmenistan–BMG” hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

17 Okt. 13:03

Çeşme

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan – BMG” Strategiki geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Onda taraplar 2026–2030 ýyllar üçin täze hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyndaky öňe süren başlangyçlary, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji BMG konferensiýasynyň netijelerini durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda alnyp barylýan hem-de meýilleşdirilýän taslamalar, BMG-niň edaralary bilen bilelikdäki maksatnamalar, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy çykyşynda BMG bilen hyzmatdaşlygyň uzak möhletli we strategik ähmiýetini aýratyn belledi hem-de guramanyň ýurdumyzyň ösüş maksatlaryna goşýan goşandyny nygtady.

Mejlisiň ahyrynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri milli hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassykladylar.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.