Oýun sanawy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

23 Sen. 06:39

Çeşme

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäginde, Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau duşuşyk geçirdiler.

Gepleşikde taraplar Türkmenistanyň we Amerikanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki derejesini we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şol sanda maýa goýumlar we tehnologik hyzmatdaşlyk ugurlaryna gönükdirildi.

Şeýle hem, ABŞ bilen Türkmenistanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam edýän Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň möhüm orny nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda halkara we sebit gün tertibindäki meseleler boýunça hem pikir alşyldy.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.