Oýun sanawy

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi täze Prezidenti saýlady

26 Ýan. 11:55

Çeşme

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 46-njy Baş Assambleýasynda Kataryň wekili, Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani OCA-nyň Prezidenti wezipesine saýlandy. Şeýlelikde, ol 1913-nji ýylda Aziýada ilkinji köpugurly sport oýunlarynyň geçirilmeginden bäri Aziýanyň Olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk eden 22-nji Prezident boldy.

 

Saýlaw Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Baş Assambleýanyň işine Aziýa ýurtlarynyň 45 Milli Olimpiýa Komitetiniň wekilleri, şeýle-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

 

Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani häzirki wagtda Aziýanyň Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň (ANOC) uly wise-prezidenti hem-de Katar Olimpiýa Komitetiniň Prezidentidir. Ol çykyşynda “Asia üçin bilelikde” (Together for Asia) atly maksatnamasyny tanyşdyrdy.

 

Täze Prezidentiň bellemegine görä, bu maksatnama aşakdaky ugurlary öz içine alýar:

 

  • Aziýa boýunça sportdaky agzybirligi we ösüşi berkitmek;
  • Sportda ýokary netijeleri goldamak;
  • Açyk we jogapkärçilikli dolandyryşy ilerletmek;
  • Täzelikleri jogapkärçilik bilen ornaşdyrmak;
  • OCA-nyň çäreleriniň durnukly, inklýuziw we ygtybarly bolmagyny üpjün etmek;
  • Aziýanyň halkara sport giňişligindäki wekilçiligini giňeltmek;
  • Sporty parahatçylygyň, özara hormatyň we medeni düşünişmegiň umumy dili hökmünde öňe sürmek.

 

 

Şeýh Joaan öz çykyşynda Aziýanyň köpdürlüligini onuň esasy artykmaçlygy hökmünde häsiýetlendirdi we şeýle diýdi:

 

“Aziýa Olimpiýa maşgalasynyň iň uly we iň dürli kontinentidir. Bu köpdürlülik biziň esasy güýjümizdir. Emma ol biziň agzybirlikde işlemäge borçlydygymyzy hem talap edýär.”

 

Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani öňki Prezident Raja Randhir Singhiň saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden çekilmeginden soň galan möhlete Prezident hökmünde hyzmat eder.

 

Ol öz çykyşynda Raja Randhir Singhiň OCA-nyň ösüşindäki hyzmatlaryna ýokary baha berdi we oňa çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌