Oýun sanawy

Gyrgyzystan migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurtlular üçin ýeňillikli möhlet yglan etdi

27 Iýun. 17:57

Çeşme

Gyrgyzystanyň çäginde bikanun ýaşaýan ýa-da migrasiýa möhletlerini geçiren daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn ýeňillik döredilýär. Ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparowyň gol çeken täze Permanyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan 31-nji iýuly aralygynda ýurtda ýörite «ýaşyl koridor» düzgüniniň hereket etjekdigi yglan edildi. Bu çäre migrasiýa meselelerini kadalaşdyrmaga we raýatlaryň bökdençsiz ýurtdan çykmagyna şert döretmäge gönükdirilendir.

Resmi resminama laýyklykda, düzgün bozan daşary ýurtlulara hiç hili administratiw jerime tölemezden, öz islegleri bilen Gyrgyzystandan amaly we kanuny ýollar arkaly çykyp gitmäge rugsat berilýär. Muny amala aşyrmak üçin raýatlar ilki bilen özleriniň wagtlaýyn ýaşan ýerlerindäki polisiýa bölümine meýletin ýüz tutmaly we ýurtdan çykmak üçin zerur bolan resmi tassyklama hatyny almaly.

Şol hat alnandan soňra, daşary ýurt raýatlary çykyş wizalaryny resmileşdirmek maksady bilen, elektron wiza ulgamynyň resmi internet saýty arkaly onlaýn tertipde garaşsyz arza tabşyrmaly bolarlar. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň mälim etmegine görä, yglan edilen bir aýlyk möhletiň dowamynda çykyş wizalary üçin bellenilen döwlet pajy (wiza tölegi) alynmaz we ýurtda galmak düzgünlerini bozanlygy üçin öň bellenilen maliýe jerimeleri doly güýjüni ýitirer.

Hukuk goraýjy edaralar tarapyndan bu ynsanperwer ýeňillikden diňe polisiýa merkezlerine özi meýletin baran we onlaýn saýtda arzany araçysyz, özbaşdak dolduran raýatlaryň peýdalanyp biljekdigi aýratyn duýdurylýar. Täze düzgün 2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda sagat 23:59-da doly tamamlanar we şol wagtda onlaýn ulgam ýapylar. Şol sebäpli migrasiýa gullugy raýatlara resminamalary resmileşdirmegi soňky günlere goýmazlygy ýatladýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌