Oýun sanawy

Ýewropanyň awiasiýa bazarynda uçar ýangyjynyň bahasy taryhy rekordy täzeledi

06 Aprel. 11:56

Çeşme

Ýewropa ýurtlarynda uçar ýangyjynyň nyrhlary görlüp-eşidilmedik derejä ýetip, bir tonnasynyň bahasy 1900 ABŞ dollaryna çenli gymmatlady. Bu ýagdaý sebitiň awiasiýa pudagynda uly kynçylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Häzirki wagtda Beýik Britaniýa bu gymmatlaşykdan iň köp ejir çekýän ýurtlaryň biri hökmünde öňe saýlandy. Londonyň «Hitrou» ýaly iri howa menzillerinde ýangyç ýetmezçiligi we nyrhlaryň ýokarlanmagy sebäpli, eýýäm birnäçe uçuş ugurlarynyň ýatyrylyp başlanandygy habar berilýär.

Halkara seljerijileriniň we bazar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, bahalaryň şeýle çalt ýokarlanmagyna logistiki bökdençlikler, hususan-da Ormuz bogazy arkaly amala aşyrylýan ýük daşamalarynyň bökdelmegi düýpli täsir etdi. Diňe soňky birnäçe günüň içinde uçar ýangyjynyň bahasy bir tonna üçin ortaça 300 dollar töweregi gymmatlady. Bu ýagdaý diňe bir Britaniýada däl, eýsem ýakyn wagtda Fransiýanyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň howa menzillerine hem täsir eder diýlip garaşylýar.

Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletlerinde bar bolan awiaýangyç ätiýaçlyklarynyň ýene birnäçe aýa ýetjekdigi bellenilse-de, energetika bazaryndaky durnuksyzlyk dowam edýär. Ulag ýollaryndaky bökdençlikleriň dowam etmegi Ýewropanyň awiasiýa ulgamyna goşmaça agram salyp biler. Bu bolsa, gysga wagtyň içinde uçar petekleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna we halkara uçuşlarynyň köpçülikleýin çäklendirilmegine eltip biljek esasy faktorlaryň biridir.

Pudaklaýyn hünärmenler eger strategik ähmiýetli suw ýollaryndaky ýagdaý durnuklaşmasa, Ýewropanyň howa gatnawlary ulgamynyň çuňňur krizise düşüp biljekdigini duýdurýarlar. Syýahatçylyk möwsüminiň öňüsyrasynda dörän bu ýagdaý awiakompaniýalaryň maddy ýagdaýyna we ýolagçy gatnatmagyň yzygiderliligine uly täsirini ýetirer. Häzirki wagtda ýurtlaryň hökümetleri ýangyç krizisiniň öňüni almak üçin alternatiw ýollary we çäreleri gözleýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌