Oýun sanawy


Adam üçin kim has howply – adamyň özümi ýa-da jandarlar? Birinji ýer sizi geň galdyrar
16 Maý. 09:05«Our World in Data» analitiki platformasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) soňky barlaglaryna görä, adam ömrüne abanýan iň uly howplar adaty düşünjelerden tapwutlanýar. Alymlar tarapyndan taýýarlanan global sanawda, adamlar üçin wehşiler däl-de, dürli ýokanç keselleri göteriji we ýaýradyjy ownuk mör-möjekler has heläkçilikli hasaplanýar.
Dünýä reýtinginde ilkinji orunda adaty çybynlar ýerleşip, olar ýylda takmynan 760 müň adamyň ýaşamyny ýitirmegine eltýär. Çybynlaryň sary, Denge we esasan hem gyzzyrma ýaly ölüm howply wiruslary we parazitleri ýaýratmagy, olary iň ganhor biologik görnüşe öwürýär. BSGG-niň statistikasyna laýyklykda, diňe 2022-nji ýylda gyzzyrma agdyklyk edýän sebitlerde, hususan-da Nigeriýada we Kongo Demokratik Respublikasynda 600 müňden gowrak pida hasaba alyndy.
Mundan başga-da, süýji suw ulitkalary we triatom tagtabitleri degişlilikde şistosomoz hem-de Şagas kesellerini ýaýratmak arkaly global derejede müňlerçe ynsanyň heläk bolmagyna sebäp bolýar. Mundan tapwutlylykda, zäherli ýylanlar ýylda 100 müňe golaý adamyň ölümine getirse, guduzlyk wirusyny göterýän itler sebäpli 40 müňe golaý adam aradan çykýar. Gorkuly görünýän akulalaryň ýa-da içýanlaryň hüjümleri bolsa statistiki taýdan has pes görkezijilere eýedir.
Global sanawyň ikinji ornunda göni ynsan faktorlary, ýagny jenaýatçylykly hereketler durýar. Hünärmenler planetanyň az ösen sebitlerinde sanjym serişdeleriniň elýeterliligini ýokarlandyrmagyň we parazitlere garşy lukmançylyk çärelerini güýçlendirmegiň adam ömrüni halas etmekde esasy wezipedigini belleýärler.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.