Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eden iş saparyny tamamlady diýip, TDH habar berýär.
Waşingtondan ugrandan ozal döwlet Baştutany “Endrýus” halkara howa menzilinde BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Akсолtan Ataýewany doglan güni bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň Halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndan gutlaglaryny we güller buketini gowşurdy.
Aşgabada dolanyp geleninden soň, Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlaryň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň garşylady.
“Merkezi Aziýa – Amerika Birleşen Ştatlary” atly sammite gatnaşmak Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatyna we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.
Habarda bellelişi ýaly, Türkmenistan “C5+1” formatyny milli we sebit bähbitlerini öňe sürmek, parahatçylygy, durnuklylygy we özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm gural hökmünde görýär.
Türkmen tarapy halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni ulag baglanyşyklaryna, energetika howpsuzlygyna hem-de ekologiýa durnuklylygyna çekdi. Aşgabat sebitde tranzit we energetika merkezi hökmünde öz ornuny berkitmek bilen, dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdine goşant goşýar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi, olarda özara gyzyklanma döredýän meseleler we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň