Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana boljak döwlet saparynyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
21 Iýun. 06:31Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak resmi döwlet saparyna düýpli taýýarlyk görülýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow degişli hasabat bilen çykyş etdi. Milli telewideniýäniň «Watan» habarlar gepleşiginiň berýän maglumatyna görä, bu sapar iki goňşy döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy täze tapgyra ýetirer.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan taryhy gününden bäri syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, medeniýet hem-de ylym-bilim ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk durnukly ösdürilip gelinýär. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň Baku şäherine gurajak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklary hakyky manyda kämilleşdirip, hil taýdan has ýokary sepgitlere çykarmaga uly itergi berjekdigini nygtady.
Ýurt Baştutanymyz hasabaty diňläp, Hazar sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady integrasiýany üpjün etmekde Baku we Aşgabat şäherleriniň arasyndaky strategik dialogyň wajyp ornuny aýratyn belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow meýilleşdirilýän ýokary derejeli duşuşyklaryň we gol çekiljek täze ylalaşyklaryň resminamalar toplumynyň iki doganlyk halkyň taryhy bähbitlerine doly laýyk gelmelidigini aýdyp, Wise-premýere, daşary işler ministrine döwlet saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.