Oýun sanawy

Täze türkmen multfilmi: «Meniň oýnum» çagalaryň üns merkezinde

20 Okt. 11:08

Çeşme

Ýurdumyzda animasiýa sungaty täzeçe öwüşgin alýar. Türkmenistanly tomaşaçylara hödürlenen «Meniň oýnum» atly täze çaga multfilmi hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu bölümde Mämmetjan atly oglanjygyň başdan geçirmeleri gyzykly we täsirli wakalar arkaly beýan edilýär.

Multfilmi taýýarlan “Mahabat” müdirliginiň döredijilik topary öz zähmetini, tejribesini we yhlasyny işe siňdiripdir. Munuň netijesinde tomaşaçylaryň ýüregine ýetýän sahnalar, gahrymanlaryň täsirli seslendirmesi we hereketler ekrana aýratyn täsir berýär.

Animasiýa bilen gyzyklanýan ýa-da ses bermekde ukyby bar ýaşlary “Mahabat” döredijilik toparyna goşulmaga çagyryýar. Isleg bildirýänler üçin arzany aşakdaky baglanyşyk arkaly iberip bolar:
Işe arza ugratmak

Täze bölümi tomaşa etmek üçin siz:

BeletFilm onlaýn kinoteatry — Belet.tm

YouTube-da Körpeler kanaly — @app.korpeler
ýa-da mobil telefondan 0530 belgisine 872 belgili SMS ibermek arkaly tomaşa edip bilersiňiz.

Tomaşaçylaryň islegine laýyk täze-täze multfilmleriň taýýarlanylmagy dowam edýär!

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌