Oýun sanawy

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň iň gowy sebiti diýlip ykrar edildi

17 Few. 07:12

Çeşme

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine iň uly goşant goşan etraplaryň arasyndaky bäsleşigiň netijeleri jemlendi. 2025-nji ýylda ähli ugurlar boýunça rekord derejeli görkezijilere eýe bolan Köneürgenç etrabyna döwlet tarapyndan 1 million amerikan dollary möçberindäki sylag pulu berildi. Bitaraplyk şäherçesinde guralan dabarada bu pul baýragy öz eýelerine gowşuryldy. Şeýle-de, geljek ýyl üçin meňzeş bäsleşigiň täze tapgyryna badalga berildi.

Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny we medeni baýlyklaryny açyp görkezen dürli çykyşlara şaýat boldular. Ýygnananlaryň öňünde Prezidentimiziň ýörite Gutlagy okaldy, onda ýeňiji bolan etrabyň zähmetkeşleriniň gazanan üstünliklerine ýokary baha berildi. Öz gezeginde sebitiň ýaşaýjylary we ýolbaşçy düzümi bu uly ynam üçin minnetdarlyk bildirip, geljekde-de Watanymyzyň rowaçlygy üçin yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌