Oýun sanawy


Paýtagtda brendleriň sarp edijilere psihologik täsiri barada okuw maslahaty guraldy
13 Aprel. 08:43S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde marketing we häzirki zaman işewürlik strategiýalaryna bagyşlanan «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi. Bu bilim beriş çäresi ýaş nesliň telekeçilik ukyplaryny ösdürmek we olaryň häzirki zaman bazar gatnaşyklary baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek maksady bilen guraldy. Çäre baradaky habar «Altyn asyr» neşirinde çap edildi.
Okuw sapagynyň dowamynda «Çyzgy» studiýasynyň ýolbaşçysy S.Gurbanmyradow çykyş edip, üstünlikli brendleriň diňe bir logotiplerden ýa-da wizual keşplerden ybarat däldigini subut edýän mysallary getirdi. Brendiň mazmuny sarp edijiniň aňynda döreýän ynam, emosional baglanyşyk we durnukly täsirler ulgamy hökmünde häsiýetlendirildi. Gatnaşyjylar haryt nyşanynyň bazardaky ornuny berkitmegiň inçe tilsimleri bilen tanyş boldy.
Maslahata gatnaşan talyplar we ýaş hünärmenler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesi esasynda brendingiň fundametal ýörelgelerini öwrendiler. Esasy üns bäsdeşlik gurşawynda tapawutlanmagyň usullaryna, müşderiler bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary gurmagyň psihologik taraplaryna we brendiň gymmatlygyny artdyrmagyň ýollaryna gönükdirildi.
Bu innowasion çäre Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkeziniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda amala aşyryldy. Guramaçylaryň birleşen tagallalary ýaşlaryň işewürlik dünýäsindäki nazary we amaly bilimleriniň utgaşmagyna ýardam etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.