Oýun sanawy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy «Lapis Lazuli» ulag geçelgesi boýunça maslahata gatnaşdy

23 Sen. 07:14

Çeşme

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri 21-22-nji sentýabr tarihlerinde Owganystanyň Hyrat şäherinde geçirilen iş duşuşygyna gatnaşdylar. Maslahatda «Lapis Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak we serhet-migrasiýa amallaryny ýeňilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar migrasiýa ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyp, hyzmatdaşlygy berkitmek barada ylalaşdylar.

«Lapis Lazuli» multimodal ulag ugry Owganystany Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäkleri arkaly Ýewropa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan möhüm üstaşyr geçelgedir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌