Oýun sanawy
Google kompaniýasy ähli hyzmatlarynyň we programmalarynyň söwda nyşanynyň bir bölegi boljak täzeleşdirilen logotipiniň ornaşdyrylyşynyň başlandygyny yglan etdi. Bu, 10 ýyldan soňky uly dizaýn üýtgeşmesidir.
Esasy täzelik — gradýentli «G» harpy, indi gyzyl, sary, ýaşyl we gök reňkleriniň ýumşak geçişi bilen. Reňkler 2015-nji ýyldaky logotipdäki ýaly bölünmeýär. Täze dizaýn eýýäm, mysal üçin, Google Help goldaw sahypasynda fawikon hökmünde ulanylýar.
«G»-dan başga-da, kompaniýa sungat intellektiniň (AI) eýýamynda brendiniň häzirki wagtky ösüşini görkezen Google Home logotipi ýaly beýleki söwda nyşanlaryny hem täzeledi.
Täze dizaýnyň ähli hyzmatlara, şol sanda Android we iOS üçin Google mobil programmasyna ornaşdyrylmagy garaşylýar, we soňky üýtgeşmeler 2026-njy ýylyň maýyna çenli tamamlanar.
Öňürti habar berilişi ýaly, Google Android operasiýa ulgamy bilen şahsy kompýuteriň çykarylmagy mümkinçiligini göz öňünde tutýar, bu bolsa kompaniýanyň enjam ekosistemini has-da giňelder.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň