Oýun sanawy


10 ýaşly gyzjagaz Plutonyň statusyny dikeltmek barada NASA-ga hat ýazdy
19 Aprel. 09:15Kaela atly on ýaşly gyzjagaz Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek baradaky dolandyryşyga (NASA) ýüzlenip, Plutony ýene-de doly derejeli planeta diýip yglan etmegi haýyş etdi. Çaganyň bu başlangyjy dünýä metbugatynda giň seslenme döredip, kosmosy öwrenijileriň ünsüni özüne çekdi.
Öz hatynda gyzjagaz Plutonyň taryhy adynyň dikeldilmeginiň adamlaryň arasynda uly şatlyk döretjekdigini nygtady. NASA-nyň ýolbaşçy düzüminiň wekili Jared Aýzekman bu haty ünsden düşürmedi we agentligiň häzirki wagtda asman jisimleriniň derejeleri bilen bagly meseleleriň üstünde işleýändigini mälim etdi.
Mälim bolşy ýaly, Pluton 2006-njy ýylda halkara astronomlarynyň karary bilen uly planetalar toparyndan çykarylyp, girdenek planeta derejesine geçirilipdi. Emma alymlar bu syrly obýekti öwrenmekden el çekmediler: "New Horizons" missiýasynyň kömegi bilen alnan maglumatlar Plutonyň tebigatynyň has çylşyrymlydygyny görkezýär.
Häzirki zaman astronomiýa ylmy Plutonyň atmosferasyndaky özboluşly üýtgeşmeleri we klimatik aýratynlyklary anyklamagy dowam edýär. Täze barlaglar bu asman jisiminiň gurluşy baradaky garaýyşlary düýpgöter özgerdip, onuň Gün ulgamyndaky tutýan orny baradaky ylmy çekişmeleriň täzeden güýçlenmegine sebäp bolýar.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.