Oýun sanawy

Türkmen-eýran serhedindäki gümrük nokatlary doly kuwwatynda işleýär

06 Mart. 05:55

Çeşme

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirki wagtda «Sarahs», «Artyk», «Howdan» we «Altyn asyr» gümrük nokatlarynyň doly kuwwatynda işleýändigini habar berdi. Serhet nokatlarynda ýük ulaglarynyň bökdençsiz we çalt geçmegini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Bu bolsa eksport-import amallarynyň tizleşmegine we harytlaryň alyjylara wagtynda gowuşmagyna ýardam edýär.

Bu geçelgeler diňe bir iki ýurduň arasynda däl, eýsem, tutuş sebit üçin möhüm üstaşyr (tranzit) merkezi bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda gümrük nokatlary arkaly Özbegistana, Täjigistana, Gyrgyzystana we Gazagystana uly möçberde ýükler daşalýar. DIM-niň maglumatyna görä, mart aýynyň başyndan bäri bu ugurdan dünýäniň 16 döwletiniň, şol sanda Russiýanyň, Hytaýyň we Ýewropa ýurtlarynyň 200-den gowrak raýaty Türkmenistanyň çägine geldi.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.