Oýun sanawy


Seulda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
13 Maý. 11:07Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň rezidensiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary üçin resmi duşuşyk guraldy. Çäräniň dowamynda Koreýanyň daşary işler ministri Ço Thä Ýol we Türkmenistanyň ilçisi B. Durdyýew sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini seljerdiler. Gepleşikleriň esasy maksady iki taraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Duşuşygyň özenini 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Seul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk görmegiň anyk çäreleri düzdi. Taraplar öňde duran ýokary derejeli maslahatyň sebitleýin gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa açjakdygyny bellediler. Türkmenistanyň wekili bu möhüm halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin türkmen tarapynyň zerur bolan ähli goldawy bermäge taýýardygyny tassyklady.
Ykdysady hyzmatdaşlyk barada söz açylanda, haryt dolanyşygynyň ösüş depgininiň durnuklylygy we amaly özara hereketleriň geriminiň giňelmegi aýratyn nygtaldy. Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berip, geljekde maýa goýum we söwda pudaklarynda täze taslamalaryň durmuşa geçirilmelidigine ünsi çekdiler. Bu bolsa taraplaryň uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklarynyň subutnamasydyr.
Ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklary kämilleşdirmek maksady bilen, medeni we bilim maksatnamalaryna täze itergi bermek barada ylalaşyldy. Hususan-da, talyp alyş-çalyşlaryny işjeňleşdirmek, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek mümkinçiliklerini giňeltmek we özara Medeniýet günlerini guramak baradaky başlangyçlar goldanyldy. Şeýle çäreler iki halkyň ruhy gymmatlyklarynyň ýakynlaşmagyna we medeni diplomatiýanyň ösmegine uly goşant goşar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.