Oýun sanawy


Balkan welaýatynda türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi
25 Okt. 09:19Balkanyň welaýatynda, Türkmenistanyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan medeni çäreler we dabaralar geçirilýär.
Bu çäreleriň biri, Balanyň welaýatynyň Balkanaabat şäherinde, «Türkmen alabaýy» Halkara birleşiginiň wekilhanasynyň binasynyň öňünde, Uly Balkanyň eteginde geçirildi. «Türkmen alabaýy – halkyň milli buýsanjy» atly çäre, Balkanyň welaýat häkimligi, medeniýet dolandyryşy, jemgyýetçilik guramalary we «Türkmen alabaýy» Halkara birleşiginiň wekilhanasy tarapyndan guraldy.
Çäräniň çäklerinde aýdym-sazly çykyşlar, şeýle hem bezeg-hünär sungaty, el işleriniň nusgalary, muzeý gymmatlyklary we ýaş suratkeşleriň suratlarynyň sergisi guraldy. Skulptorlar we suratkeşler öz döredijilik ukyplaryny alabaýlary suratlandyryp görkezdi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň