Oýun sanawy


Türkmenistanda çagalar baglarynyň şepagat uýalarynyň we aşpezleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň netijeleri yglan edildi
24-25-nji iýulda Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň we aşpezleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy», «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikleriň jemleýji döwlet derejesindäki tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her okuw ýylynda yglan edilýär we geçirilýär.
Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan şepagat uýalary we aşpezler gatnaşdylar. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyrynyň dowamynda gatnaşyjylar wideosidi ýazgynyň üsti bilen alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler, syýasy we hünär taýýarlygyna degişli soraglara jogap berdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda bolsa şepagat uýalary bir günlik tagamnamany düzdiler, aşpezler bolsa şol tagamnama esasynda çagalara naharlar , içgiler we işdäaçar taýýarladylar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň (doganlarynyň) gatnaşmaklarynda geçirilen “Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Arkadag şäheriniň 3-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Aýnur Çaryýewa, aşpezleriň arasynda geçirilen «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Aşgabat şäheriniň 113-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Marina Arazowa mynasyp boldular.
Bäsleşikleriň ýeňijileri we bäsleşige işjeň gatnaşan şepagat uýalary we aşpezleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistanyň paýtagtynda Hindistanyň milli birligi güni we Hindistanyň döwürleýin döwletini döreden esasy figuralardan biri bolan Sardar Wallabhbhai Pateleň 150 ýyllygy bellenildi. Bu çäre Hindistanyň Aşgabadyndaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Ilçihananyň başlygy Bandaru Wilsanbabu söz sozi berdi. Ol gatnaşyjylara Hindistanyň garaşsyzlyk ugrunda gewreli kämilleşdirilen ýeke-täk adam bolan Sardar Patel barada ýatlatdy we onuň ýurda garaşsyzlyk gazanylandan soň birinji Premýer-ministriň orunbasary we içerki işler ministri wezipesini tutandygyny nygtady.
"«Hindistanyň Demir adamy» diýip ykrar edilýän Sardar Patel Hindistanyň üstünde 560-dan gowrak dünýädeki knýazlyklar bilen birleşmegine uly hyzmat etdi" diýip, ilçi nygtady. Şeýle hem, ol Patelni "Hindistanyň döwlet gullugynyň atasy" diýip atlandyryp, umumy dolandyryş ulgamyň döredilmegine goşan goşantyny bellenip geçdi.
Ilçi, şeýle hem Hindistanyň 2014-nji ýyldan bäri Sardar Pateliniň doglan gününü (31-nji oktýabr) Milli Birlik güni hökmünde bellenýändigini we 2018-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Mody tarapyndan Gujaratda «Birlik heýkeli» 182 metrli heýkeliniň açylandygyny ýatlatdy.
Wilsanbabu, Hindistan bilen Türkmenistan arasyndaky gadymy medeni we medeni baglanyşyklary belläp, "Dünýäde dördünji uly ykdysadyýeti we iň tiz ösýän ykdysadyýeti bolan Hindistan, Türkmenistanyň isleglerine we maksatlaryna laýyklykda öz tejribelerini paýlaşmaga taýýar" diýip belledi.
Şeýle hem okanyň