Oýun sanawy


Türkiýe, Awstriýa, Gazagystan we Hindistan başga-da Ýewropanyň köp ýurtlary bilen gönimel hyzmatdaşlygy gurnap, derman senagatynda uly işleri ýerine ýetirýän ,,Enem” hususy kärhanasy Türkmenistanyň ähli künjegine ýokary hilli we elýeterli derman serişdeleri bilen halkymyza 25 ýyldan gowrak WAGT BARI hyzmat edip gelýär.
"Enem" hususy kärhanasy halkara derejede-de işjeň hyzmatdaşlygy guraýar. Kärhana Türkiýe, Awstriýa, Gazagystan, Hindistan ýaly öňdebaryjy döwletler we Ýewropanyň köp sanly ýurtlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýup, şol ýurtlaryň iň täze we ylmy taýdan tassyklanan derman serişdelerini Türkmenistana getirýär. Bu giň hyzmatdaşlyk "Enem" kärhanasynyň dermançylyk ulgamynda dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.
Kärhana yzygiderli geçirilýän iri çärelere, şol sanda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralýan “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe” atly halkara sergä hem işjeň gatnaşýar. Bu sergiler "Enem" üçin öz hyzmatlaryny we getirilýän ýokary hilli dermanlaryň, saglyga degişli beýleki harytlaryň köpdürlüligini görkezmäge, şeýle hem täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär.
"Her derdiň bir dermany bar" diýilişi ýaly "Enem" saglyk üçin zerur bolan derman serişdelerini we beýleki harytlary ýurdumyzyň ähli künjegine üpjün etmekden başga-da, bölekleýin we lomaý söwdasyny üstünlikli alyp barýar. Bu bolsa, dermanlaryň islendik sarp edijä — raýatlara-da, dermanhanalara-da — amatly şertlerde ýetirilmegini üpjün edýär.
"Enem" hususy kärhanasy hil, ygtybarlylyk we elýeterlilik ýörelgelerine berk eýerip, Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny goramak ugrunda uly tagallalary edýär.
Iň köp görülen


Türkmenistanyň bank ulgamynyň zenan işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň bank pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlaryň hem-de şäherleriň saýlama tapgyrlarynda öňe çykan ýeňijiler gatnaşdy.
Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky ösüşler, gazanylan sepgitler hem-de 2011–2030-njy ýyllar üçin bank ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
Ikinji tapgyrda gatnaşyjylar aýdym, dessan ýa-da goşgular bilen çykyş etdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa olar dabaraly saçak taýýarlap, milli naharlaryň taýýarlanylyşyny görkezdiler.
Netijeler boýunça:
üçünji orun — Ahal, Lebap welaýatlaryndan we Arkadag şäherinden gelen gatnaşyjylara;
ikinji orun — Balkan welaýatyndan we Aşgabat şäherinden gatnaşyjylara;
birinji orun — Mary welaýatynyň wekillerine;
Baş baýrak — Daşoguz welaýatynyň gatnaşygyna berildi.
Ýeňijiler we baýrak alanlar hormat hatlary hem-de gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň dabaraly bölegi estrada ýerine ýetirijileriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi tarapyndan guraldy. Çäre Parahatçylyk we ynam ýylyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, hemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygyna, şeýle hem milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlandy.