Oýun sanawy
Türkmenistan halkara ülňülere laýyk pilot taýýarlamak boýunça sebitleýin merkez bolar
26 Sen. 06:10Türkmenistanda raýat awiasiýasy üçin halkara ülňülere laýyk pilotlary taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuw merkezi dörediler. Bu başlangyç Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wise-premýer Mämmethan Çakyýewiň habar bermegine görä, «Türkmenhowaýollary» gullugynyň hünärmenleri häzirki wagtda Diamond kysymly uçarlarda tälim alýarlar we halkara şahadatnamalaryny almak boýunça taýýarlyk görýärler. Bu bolsa geljekde daşary ýurtly okuwçylary kabul edip, EASA-nyň – Ýewropa awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň – talaplaryna laýyklykda okatmaga mümkinçilik döreder.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu başlangyjy makullap, taslamanyň durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, awiasiýa ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler ýurdumyzyň halkara howa giňişligine gatnaşygyny pugtalandyrar we sebitde ornuny berkitmäge mümkinçilik berer.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň