Oýun sanawy

Balam — çagalar üçin dükanler ulgamy

21 Awgust. 05:37

Balam — täze doglan çagalardan başlap uly ýaşly çagalar üçin hem ähli zerur zatlary hödürleýän tanalýan dükänler ulgamy. Bu ýerde ene-atalar giň assortimentden saýlap bilerler: owadan eşikler, amatly aýakgaplar, arabalary, ösdüriji oýunçaklar hem-de möwsümleýin täze harytlar.

 

Balam her bir söwdanyň diňe peýdaly bolmagyny däl, eýsem çagalaryň hem-de ene-atalaryň kalbyna şatlyk getirmegini üpjün edýär. Harytlaryň dürli-dürlüligi we döwrebap çemeleşmesi sebäpli bu ýer maşgalalar üçin ynamly söwda merkezine öwrüldi.

 

Ulgam Aşgabat şäherinde işjeň ösdürilýär we şäheriň iri söwda merkezlerinde ýerleşýär:

 

  • SPPT söwda merkezi, 0 gat — Tel.: 22-72-79
  • Berkarar söwda merkezi, 0 gat A79 — Tel.: +993 63 30 58 19
  • Berkarar söwda merkezi, 2 gat C11 — Tel.: +993 62 14 76 90
  • Gulzemin söwda merkezi, 3 gat — Tel.: +993 62 17 43 75

 

 

Balam şeýle hem sosial ulgamlarda işjeň çykyş edýär, täze harytlar, arzanladyşlar we ene-atalar üçin peýdaly maslahatlar bilen paýlaşýar:

 

















Öte gyzgyn çaý we kofe içmek gyzylödek düwnüginiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar

Bugün 09:10

Çeşme

Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň 14 ýylyň dowamynda 1 milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerip geçiren barlaglaryna görä, örän gyzgyn çaýy we kofäni yzygiderli içmek gyzylödek düwnüginiň döremek töwekgelçiligini üç esse ýokarlandyryp biler. Düwnük keselini öwrenmek boýunça halkara agentligi tarapyndan 65℃ we ondan hem ýokary bolan içgiler örän gyzgyn diýlip klassifikasiýa edilýär. Günde alty we ondan köp çüýşeli şeýle içgileri kabul etmek gyzylödegiň tekiz öýjükli karsinomasynyň ýüze çykmak ähtimallygyny ep-esli artdyrýar.

Barlagyň awtorlarynyň biri, iýmit epidemiologiýasy boýunça hünärmen Keren Papýe adamlaryň köplenç içgileri 50–60°C temperaturada içýändigini we içgini içmek oňaýsyzlyk döredýän bolsa, onuň biraz sowamagyna garaşmalydygyny maslahat berýär. Şeýle hem ol gyzgyn içgilerden başga-da çilim çekmegiň, alkogol kabul etmegiň we semizligiň gyzylödek düwnüginiň esasy töwekgelçilik faktorlary bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.