Oýun sanawy

Russiýa bilen Hytaýyň arasynda wizasyz tertip güýje girdi

17 Sen. 05:53

Çeşme

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabryndan başlap, Russiýa bilen Hytaýyň arasynda synag görnüşindäki wiza talap edilmeýän syýahat düzgünleri güýje girdi. Bu düzgün 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabryna çenli dowam eder diýip, Russiýanyň Syýahat Operatorlarynyň Assosiasiýasy (ATOR) habar berýär.

Täze düzgünlere laýyklykda, Russiýanyň raýatlary Hytaýa wiza almaga mätäç bolmazdan 30 güne çenli syýahat edip bilerler. Ýyllyk syýahatlaryň sany boýunça çäklendirme ýok.

Wiza talap edilmeýän tertip aşakdaky ýagdaýlara degişli:

  • syýahat (turistik) maksatly saparlar,

  • iş bilen bagly saparlar,

  • ynsanperwer çalşyklaryna gatnaşmak,

  • garyndaşlary baryp görmek,

  • tranzit geçişler.

Emma bu düzgün:

  • işlemäge,

  • okamaga,

  • jurnalist bolup işläp ýa çaphanada bolmaga,

  • sürüjilere, ekspeditorlara we terjimeçilere degişli däldir.

Hytaýa girjek raýatlar Russiýanyň pasportyny we migrasiýa kartasyny tabşyrmalydyrlar. Serhetde COVID-19 boýunça saýlama barlag geçiriler.

ATOR-nyň maglumatyna görä, täze düzgünden ilkinji peýdalananlar Russiýanyň Uzak Gündogar sebitleriniň ýaşaýjylarydyr. «Serhetden geçmek adaty tertipde alnyp barylýar» diýip, «Serhetsiz dünýä» birleşiginiň ýolbaşçysy Aleksandr Lwow aýtdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌