Oýun sanawy


BMG bütin dünýäde arassa agyz suwunyň we sanitariýa şertleriniň ýiti ýetmezçilik edýändigini mälim etdi
29 Maý. 06:52Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Szýunhua halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, planetamyzda suw we sanitariýa ulgamynda emele gelen çylşyrymly ýagdaý barada durup geçdi. Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde guralan «Durnukly ösüş üçin suw, 2018-2028-nji ýyllar» atly ýokary derejeli halkara maslahatyň jemleýji dabarasynda çykyş eden guramanyň wekili adamlaryň durmuş şertleriniň barha kynlaşýandygyny görkezýän sanlary aýan etdi. Onuň sözlerine görä, bu ugurda global maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi örän haýal barýar.
Halkara bilermenleriň hasabatlaryna görä, dünýä döwletleriniň bellenilen Durnukly ösüş maksatlarynyň 6-njy bendini, ýagny hemmeler üçin elýeterli suw üpjünçiligini gazanmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetiriş depgini meýilnamadan gaty yza galýar. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň 2,2 milliarda golaýy ekologik taýdan dury we zyýansyzlandyrylan agyz suwundan peýdalanyp bilmeýär. Mundan başga-da, 3,5 milliarddan gowrak adamyň gündelik durmuşynda iň ýönekeý gigiýeniki we arassaçylyk kalyplaryny berjaý etmek üçin zerur bolan tehniki mümkinçilikleri ýok.
BMG-nyň ýokary wezipeli resmisi bu global krizisiň öňüni almak we adamlaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrgmak üçin maliýe goldawlarynyň ýetmeýändigini aýratyn nygtady. Dünýä ýüzünde arassaçylyk düzgünlerini we suw geçiriji ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin her ýylda 130 milliard amerikan dollaryndan gowrak goşmaça serişde talap edilýär. Bu maddy serişdeleriň uly bölegi bolsa ilkinji nobatda mätäçlik çekýän we ykdysady taýdan gowşak ösýän ýurtlaryň durmuş şertlerini durnuklaşdyrmaga gönükdirilmelidir.
Suw ýetmezçiligi diňe bir ykdysady böget bolman, eýsem sebitlerde dürli ýokanç keselleriň ýaýramagyna hem sebäp bolýar. Arassa suw gorlarynyň azalmagy geljekde halkara migrasiýa prosesleriniň hem çylşyrymlaşmagyna getirip biler. Şol sebäpli Birleşen Milletler Guramasy bütin dünýäniň öňdebaryjy döwletlerini we iri maliýe guramalaryny ekologik parahatçylygy gorap saklamak ugrunda maddy we tehniki tagallalary gyssagly birleşdirmäge çagyrýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.