Oýun sanawy


«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammiti sentýabr aýynda geçiriler
18 Mart. 11:0416-njy martda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde taryhy ähmiýetli waka bolan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk edarasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýöriteleşdirilen düzüm 2026-njy ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seul şäherinde geçiriljek ilkinji ýokary derejeli duşuşygyň guramaçylyk işlerini utgaşdyrar. Sammit sebitara hyzmatdaşlygy täze strategik derejä çykarmagy maksat edinýär.
Açylyş dabarasyna Merkezi Aziýa döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň diplomatlary, şeýle hem ýerli Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda türkmen diplomatlary çykyş edip, bu başlangyjyň sebitde durnukly ösüşi we ykdysady integrasiýany berkitmekdäki ähmiýetini bellediler. Taraplar sammitiň diňe bir syýasy däl, eýsem ynsanperwer ugurda hem uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço Hýon dabarany açyp, bu ilkinji sammitiň örän möhüm diplomatik waka boljakdygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki bu duşuşyk konstruktiw hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Ministr sammitiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigini we ýörite taýýarlyk edarasynyň hut şu maksat bilen açylandygyny aýtdy.
Şeýle hem ministr Ço Koreýa Respublikasynyň Hökümeti bilen gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň üstünligiň esasy şertidigini belledi. Diplomatik korpusyň wekilleri öz gezeginde koreý tarapyna minnetdarlyk bildirip, taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu ýokary derejeli forum tehnologiýalar, energetika we medeniýet ulgamlarynda täze bilelikdäki taslamalaryň binýadyny tutar diýlip garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.