Oýun sanawy


BMG Baş Assambleýasyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýä derejesindäki sanly integrasiýa platformasynyň döredilmegini teklip etdi. Bu başlangyç ynam, deňhukuklylyk we maglumat-tehnologiýalaryň parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe garşy ulanylmagynyň kabul ederliksizligi ýaly ýörelgelere esaslanýar.
Döwlet Baştutanymyz sanly özgertmeleriň syýasylaşdyrmazdan we birtaraplaýyn çemeleşmelerden azat bolup, ähli ýurtlaryň, şol sanda ösüp barýan döwletleriň hem bähbitlerine laýyk gelmelidigini belledi.
Bu platformanyň maksady — sanly ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak hem-de global deňagramlylygy we adalatlylygy üpjün etmekdir.


Öte gyzgyn çaý we kofe içmek gyzylödek düwnüginiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar
Bugün 09:10Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň 14 ýylyň dowamynda 1 milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerip geçiren barlaglaryna görä, örän gyzgyn çaýy we kofäni yzygiderli içmek gyzylödek düwnüginiň döremek töwekgelçiligini üç esse ýokarlandyryp biler. Düwnük keselini öwrenmek boýunça halkara agentligi tarapyndan 65℃ we ondan hem ýokary bolan içgiler örän gyzgyn diýlip klassifikasiýa edilýär. Günde alty we ondan köp çüýşeli şeýle içgileri kabul etmek gyzylödegiň tekiz öýjükli karsinomasynyň ýüze çykmak ähtimallygyny ep-esli artdyrýar.
Barlagyň awtorlarynyň biri, iýmit epidemiologiýasy boýunça hünärmen Keren Papýe adamlaryň köplenç içgileri 50–60°C temperaturada içýändigini we içgini içmek oňaýsyzlyk döredýän bolsa, onuň biraz sowamagyna garaşmalydygyny maslahat berýär. Şeýle hem ol gyzgyn içgilerden başga-da çilim çekmegiň, alkogol kabul etmegiň we semizligiň gyzylödek düwnüginiň esasy töwekgelçilik faktorlary bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.
Şeýle hem okanyň